Mazmuna geçiň

Otit

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Otit (gad.-grek. οὖς, ὠτός — gulak) – bu gulak sowuklamasydyr. Onuň birnäçe görnüşleri bolýar. Agyrynyň toplanýan ýerine laýyklykda, daşky, ortaky we içki otiti bellemek bolýar. Şeýle hem otitiň ýiti we dowamly görnüşleri bardyr.

Daşky otitde gulak perdesiniň we gulagyň girelgesiniň arasynda ýerleşýän eşidiş geçelgesi çişýär. Ortaky otitde gulak perdesiniň aňyrsynda, sesleri içki gulaga ýetirýän üç sany süňkden emele gelen boşlukda ýerleşýän ortaky gulak çişýär. Içki otitde içki gulak çişýär.

Otitiň sebäpleri

Otit ýokançly kesel däldir. Ol şemaldan ýa-da sowukdan döremeýär. Gulak perdesi ol ýere howanyň we bakteriýalaryň geçmegine ýol bermeýär. Ýokarky dem alyş ýollarynyň we ortaky gulagyň nemli bardasynyň goranmak ukybynyň bozulmagy, ol ýerdäki mikroblaryň işjeňliginiň artmagy otitiň döremegine eltýär.

Adam bedeniniň kesele bolan durnuklylygynyň peselmegi hem otitiň döremegine sebäp bolup bilýär. Bu ýagdaý sowuklamada, ýiti respirator keselinde we beýleki ýokanç kesellerde ýüze çykýar. Ortaky gulagyň şikeslenmegi netijesinde-de otitiň döremegi mümkindir. Burnuň we burun-bokurdagyň şikesleri ýa-da keselleri hem otitiň döremegine itergi berýärler: burun germewiniň gyşarmagy, gipertrofik rinit, bokurdak mäzleriniň çişme keseli (adenoidler) we beýlekiler. Güýçli üsgülewük, asgyrma hem bakteriýalaryň ortaky gulaga düşmegini tizleşdirýär.

Otitiň alamatlary

Otitiň alamatlary onuň görnüşine bagly bolýar. Gulakdaky sorkuldaýan, sanjaýan agyrylar otitiň aýdyň alamatlarydyr. Otitde ýüze çykýan agyry kelläniň beýleki ýerlerine, hatda dişlere hem ýaýrap bilýär. Ol agyrylar adam ýuwdunanda, üsgürende we asgyranda beterleşýär. Otit bilen kesellän adamyň ukusy bozulýar, işdäsi kesilýär, başy aýlanýar we ol ysgynsyz bolýar. Bedeniň gyzgyny köplenç 38-39ºС ýetýär, käte kadaly hem bolup bilýär.

Gulaklaryň şaňlamagy we dykylmagy hem otitiň häsiýetli aýratynlygydyr. Otit bilen kesellän adamyň eşidişi hem peselýär. Gulakdan gutuň, ganyň ýa-da iriňiň bölünip çykmagy gulak perdesiniň deşilmesiniň alamatydyr.

Gulak agyranda, ol hökman otitdir diýmek nädogrudyr. Ilki göräýmäge alamatlar otitiň alamatlaryna meňzeş bolsa-da, käte gulagyň agyrmagy başga keseller bilen bagly bolýar. Mysal üçin, daşky eşidiş geçelgesinde çyban çykanda, diş agyryda, gulakýany limfodüwünleri çişende, beýni we ýüz nerwleriniň sowuklamasynda hem gulagagyry biynjalyk edýär.

Käte adamlar otite kän bir üns bermeýärler. Olar gulagagyry öz-özünden aýrylyp gider diýip nädogry pikir edýärler, otiti sowuklamanyň ýüzleý alamatyna deňeýärler. Otit bilen keselläniňizde, lukmana wagtynda ýüz tutmaly, düýpli bejergi almaly. Şeýle edilmese, kesele biperwaý garalsa, näsag eşidiş ukybyny ýitirýär we ker bolýar. Ker bolmadyk ýagdaýynda hem kelle beýnisine agyr zyýan ýetýär.

Gulagagyry köplenç kiçi çagalarda duş gelýär. Ene süýdüni emýän çagalaryň kesele bolan durnuklylygy berk bolýar. Şeýle çagalar üçin otit howply bolmaýar. Emma çagalarda otit keseli döremez ýaly, sowuklama kesellerini wagtynda bejermelidir. Ýönekeň sowuklama otite öwrülip biler. Çagalaryň gulagy agyranda, ol biynjalyk bolýar, onuň ukusy bozulýar, çaga gulagyny elleýär. Has kiçi, heniz gepläp bilmeýän çagalaryň gulagy agyranda, onuň sebäbini bilmek kyn bolýar. Şeýle çagalarda otitiň başlandygyny onuň gaty aglamagyndan we ýassyga gulagyny oýkamagyndan aňyp bolar. Şeýle hem çaganyň gulajygyna çalarak basyp görmeli. Çaga birden aglap başlasa, eliňizi aýyryň. Çagany hökman lukmana görkeziň, barlaglardan geçirip, degişli bejergini alyň.

Otitiň bejerilişi

Otit doly göwrümde we tapgyrlaýyn bejerilýär. Bejergi geçirmezden ozal otitiň agyrlygyny kesgitlemeli. Adatja bejergi geçirilende, näsag düşekde ýatmaly, sebäbi rahatlyk bedeniň kesele bolan durnuklylygyny dikeltmegiň deňi-taýy bolmadyk usulydyr.

Bejergi derman serişdeleri (konserwatiw) we hirurgiki ýol bilen alnyp barylýar. Konserwatiw bejergide gulakdan akýan iriň arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek arkaly aýrylýar. Iýmit ýeňil, ýokumly we witaminlere baý bolmalydyr. Burun bilen dem almak dikeldilmeli. Munuň üçin burnuň içine damar giňeldiji damjalar ulanylmaly: haftizin, galazolin, sanorin, farmazolin.

Bedeniň allergiki täsirlere duýujylygyny peseltmek üçin, antigistamin derman serişdelerini ulanýarlar. Agyrylar güýjände agyrysyzlandyryjy gerdejikler içilýär.

Otit ýerli bejerilende, daşky eşidiş geçelgesi 40% etil spirti ýa-da 2% bor turşulygy bilen yzygider ýuwlup durmalydyr, pagta bilen guradylmalydyr. Arassalamak üçin 10% sintomisin emulsiýasyny hem ulanmak maslahat berilýär.

Gulakdan akýan bölünip çykmalar köpelse, olary 3% wodorodyň öteturşusynyň 5-7 damjasy bilen pagta siňdirip aýyrmaly. Daşky eşidiş geçelgesine arassalanan wazelin ýa-da beýleki ýaglar çalynmaly. Ýag deriniň şikeslenmegine ýol bermeýär.

Gulakýany töwerege gyzdyryjy ýapgyny diňe lukmanyň görkezmesi bar bolsa, ulanmaly. Şeýle ýapgyny suw bilen garylan spirtden ýa-da gyzdyrylan iri duzy galyň mata dolap ýapmak bolar.

Fizioemleri

Otiti bejermekde ultra tolkunlar (UWÇ), ultra melewşe şöhleleri (kwars) ulanylýar. Gulagy lazer bilen bejermek hem netijeli bolýar. Elbetde, fizioemlerine lukman görkezme bermeli we onuň geçirilişine gözegçilik etmeli. Öý şertlerinde „gök çyra“ hem giňden ulanylýar.

Halk tebipçiliginde otitiň bejerilişi

Itburny ajy demläp, oňa gyrgyçdan geçirilen käşiriň şiresini we çig gaýmagy (sliwki) garyň. Gulak iriňlände, bu garyndyny gulagyň içine damdyrmaly.

Iriňli otitde gaýnadylan sogany ýumşadyp, oňa mesge ýagyny garyň we taýýarlan garyndyňyzy pagtanyň kömegi bilen gulagyňyzyň içine çalyň.

Otitde gulagyňyzy çopantelpegiň demlemesi bilen arassalamaly.

Lawr ýapragynyň 5-6 sanysyny bir bulgur suwda gaýnadyp, 2-3 sagat saklaň. Soňra süzüp, 8-10 damjadan agyrýan gulagyňyza damdyryň, 2-3 çaý çemçesini bolsa içiň. Bu emi 2-3 gezek gaýtalaň.

Kesel ötüşen bolsa, hirurgiki bejergi geçirilýär.

Otit ýüze çykanda, antibiotikleri içmek gerekmi?

Ýok, hemişe däl. Ortaky otitde antibiotikleriň hiç hili haýyr etmeýändigi barada maglumatlar hem bar. Antibiotikleri diňe lukmanyň görkezmesi bolan ýagdaýlarynda kabul ediň. Otit bejerilende, eşidiş ulgamy şikeslendirýän antibiotikleri ulanmak hem bolmaýar: gentamisin, streptomisin, amikasin.

Otitiň öňüni almak

Bedeni taplanma arkaly berkidip, otitiň öňüni almaga kömek edip bolar. Mundan başga-da ýokary dem alyş ýollaryndaky çişmeleri aradan aýyrmaly. Ýokarky dem alyş ýollaryna burun, burun-bokurdak, bokurdak degişlidir. Gulak bu agzalar bilen berk baglanyşyklydyr. Ýokançlyklar ýüze çykanda, gulak çukurjygynyň ýagdaýyna üns beriň. Goýy nemiň eşidiş turbasynda galmagyna ýol bermeli däldir. Antiseptik damjalaryny ulanmak hem bolýar. Şeýle edilse, suwa düşülende gulaklaryňyz arassa we gury bolup galar.

Gulak keselleri bejerilende, seresap bolmaly.

Çagalar ulalanda, otitiň döremek howpy aradan aýrylýar. Bu dowamly otite degişli däldir. Ulularda bu kesel beýle ýeňil geçmeýär. Käte gaýraüzülmeler hem ýüze çykyp bilýär.